Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) prezidenti Dana Uaýt X sosial ulgamynda häzirki çempion Jon Jons bilen Stipe Mioçiçiň arasynda agyr agramda söweş geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Amerikaly söweşijiler 16-njy noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek UFC 309 ýaryşynyň esasy wakasynda duşuşarlar. Bu söweş UFC 295-de geçirilmelidi, ýöne Jonsuň türgenleşik wagty kükrek myşsasy dartyldy. Şeýle-de, Uaýt ýeňil agramda guramanyň öňki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maýkl Çendleriň arasynda söweş geçiriljekdigini habar berdi. Jons 37 ýaşynda, ol agyr agramda UFC-niň çempionydyr. Onuň hasabynda 27 ýeňiş, bir ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplanyldy. Jons soňky söweşini 2023-nji ýylyň mart aýynda geçirip, fransiýaly Siril Gandan üstün çykdy. Mioçiç soňky gezek 2021-nji ýylyň mart aýynda söweşip, kamerunly Frensis Ngannudan ýeňildi. Guramanyň öňki çempiony bolan 42 ýaşly amerikalynyň hasabynda 20 ýeňiş, dört ýeňliş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir