Mihain Lopes Nunýes Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp titula eýe bolan pälwan boldy. 41 ýaşly kubaly Parižde 130 kg çenli agram derejede grek-rim göreşi boýunça ýaryşyň finalynda Çiliniň wekili Ýasmani Akosta Fernandesi ýeňdi. Tutluşyk 6:0 hasabynda tamamlandy. Lopes Nunýes yzygider bäşinji Olimpiadada ýeňiji boldy. Final göreşi tamamlanandan soň kubaly pälwan göreş aýakgabyny çykaryp, ony düşegiň merkezinde goýdy we şonuň bilen karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Tokioda geçirilen geçenki Olimpiadada Lopes Nunýes dört Olimpiýa altyn medalyny alan taryhda ilkinji erkek-pälwan boldy. Indi ol zenanlaryň göreşinde dört Olimpiýa altyn medalyna eýe bolan ýaponiýaly türgen Kaori Itýonyň rekordyny täzeledi. Şeýle-de, kubaly pälwan dünýä çempionatlarynyň bäş gezek çempiony we üç gezek kümüş medalynyň eýesidir. Lopes Nunýes Tokiodaky Oýunlardan soň hem karýerasyny tamamlapdy, ýöne 2023-nji ýylda dolanmak kararyna geldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir