Eýranyň milli ýygyndysynyň we “Şabab Al-Ahliniň” hüjümçisi Serdar Azmun täze toparyň düzüminde oýnan ilkinji oýnunda gol bilen tapawutlandy. Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşynyň 1/2 final duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşykda “Şabab Al-Ahli” Eýranyň “Sepahan” toparyny goşmaça wagtda 4:1 hasabynda utup, indiki tapgyra çykdy (birinji oýun – 1:1). Azmun 61-nji minutda meýdança çykdy, bary-ýogy bir minutdan soň bolsa täze topary üçin ilkinji goluny geçirdi. Geçen möwsümde futbolçy kärendesine hökmünde “Romada” çykyş etdi. Ol ähli ýaryşlarda 29 oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi we dört netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň “Baýer” bilen zähmet şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket etmelidi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 8 mln ýewro barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir