Duşenbe güni, 5-nji awgustda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda sportuň 10 görnüşinde 21 medal toplumy paýlandy. Medal sanawynda ABŞ we Hytaý beýleki garşydaşlardan ep-esli arany açdylar. Amerikalylaryň hasabynda 21 altyn, 30 kümüş we 28 bürünç medal bar (jemi – 79). Hytaýly türgenleriň hasaby – 21-18-14 (jemi – 53). Günüň esasy wakalary: Şwesiýaly Arman Dýuplantis üçünji synanyşykda 6,25 metr beýikligi geçip, şestli bökmekde dünýä rekordyny goýdy. 22 ýaşly britaniýaly Kili Hojkinson 800 metre ylgawda ýeňiji bolup, özüniň uly ýaryşlarda ilkinji altyn medalyny gazandy. ​​​​​​​Keniýaly Beatris Çebet 5000 metre ylgamakda ýeňiji bolup, ilkinji altyn medalyny aldy. Öň, onuň hasabynda DÇ-niň kümüş we bürünç medallary bardy. Onuň watandaşy, ylgaw boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony Feýt Kipýegon pellehana ikinji bolup geldi. Ilkibaşda onuň netijesi ýatyryldy: pellehana iki aýlaw galanda keniýaly Efiopiýadan türgen Gudaf Segaýyň elinden tutdy. Ýöne Keniýanyň milli ýygyndysy diskwalifikasiýa nägilelik bildirdi we eminler Kipýegonyň tarapynda durup, oňa kümüş medaly gaýtaryp berdiler. ​​​​​​​Amerikaly Walari Ollman Tokioda geçirilen Olimpiadadaky üstünligini gaýtalady, ol disk zyňmakda iki gezek Olimpiýa çempiony boldy. ​​​​​​​Daniýaly Wiktor Akselsen ýekelikde badmington ýaryşynda ýeňiji bolup, iki gezek Olimpiýa çempiony boldy. ​​​​​​​Sport gimnastikasy boýunça ýaryşyň soňky gününde ýeňijiler kesgitlendi: brewnoda Italiýadan Aliçe D’Amato, parallel bruslarda Hytaýdan Szou Szinýuan, perekladinada Ýaponiýadan Oka Sinnosuke we erkin maşklarda Braziliýadan Rebekka Andrade. Öz dissiplinasynda Andrade Simona Baýlzdan 0,033 bal öňe geçdi we taryhda iň köp titula eýe bolan braziliýaly olimpiýaçy boldy. ​​​​​​​Beýik Britaniýanyň welosport boýunça zenanlar ýygyndysy toparlaýyn sprintde täze dünýä rekordy bilen ýeňiji boldular. ​​​​​​​Germaniýanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol ýaryşynda ýeňiji boldular, erkekleriň arasynda niderlandly basketbolçylar ýeňiş gazandy. ​​​​​​​Gaýa çykmak boýunça sport ýaryşynyň kwalifikasiýasynda polşaly türgen Aleksandra Miroslaw bir günde iki gezek öz dünýä rekordyny täzeledi, ol ýokary tizlikde gaýa çykmakda 6.21 we 6.06 sekunt netijäni görkezdi. ​​​​​​​Grek-rim we zenanlaryň söweşi boýunça ýaryşlar başlady. Grek-rimde 130 kg çenli derejede finala kubaly agyr agramly söweşiji Mihain Lopes Nunýes çykdy – oňa bäşinji Olimpiýa altyn medaly üçin bir ädim galdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir