4-nji awgustda italiýaly tennisçiler Ýasmin Paolini we Sara Errani öz ýurduna uly üstünlik getirdiler. Olar taryhda tennis ýaryşynda Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazandylar. Pariždäki Olimpiada-2024-üň final duşuşygynda olar russiýaly tennisçiler Mirra Andreýewa bilen Diana Şnaýderi 2:6, 6:1, 10:7 hasabynda utdular. Dünýäniň bäşinji raketkasy Paolini mundan öň 2024-nji ýylda “Rolan Garrosyň” we “Wimbledonyň” finalyna çykypdy. Errani bolsa Roberta Winçi bilen jübüt görnüşde karýera “Tuwulgasynyň” eýesidir. Belläp geçsek, bu Italiýanyň milli ýygyndysynyň Pariždäki Olimpiadada tennis boýunça ýeke-täk medaly däl. Mundan öň, dünýäniň 16-njy raketkasy Lorenso Muzetti öz ýurduna soňky 100 ýylda tennis boýunça ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi. Erkekleriň arasynda ýekelikde üçünji ýer üçin oýunda Muzetti kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 1:6, 6:3 hasabynda utup, bürünç medal gazandy. Soňky gezek 1924-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Uberto de Morpurgo hem bürünç medal gazanypdy. Erkekleriň arasynda ýekelikde çempion karýerasynda ilkinji gezek serbiýaly Nowak Jokowiç boldy, kümüş medaly ispaniýaly Karlos Alkaras aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir