Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti bu klubuň karýerasynda iň soňky bolup biljekdigini aýtdy. Muny ESPN ýetirýär. Italiýaly hünärmeniň klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. “Meniň pikirimçe, “Real” [tälimçilik karýeramda] iň soňky klubum bolar. Milli ýygynda tälim bermek mümkinçiligi babatynda bilemok. Meniň üçin milli topar bilen işleşmek pikiri göwnejaý däl, sebäbi bu meniň iň gowy görýän zadymy – her gün işlemek mümkinçiligimi ýitirjekdigimi aňladýar. Men edýän zadymy, hakykatdanam, gowy görýärin” – diýip, Ançelotti Obi One podkastynda aýtdy. 65 ýaşly Ançelotti “Reala” 2013 – 2015-nji ýyllarda tälimçi boldy we 2021-nji ýylda kluba gaýdyp geldi. Ol 29 ýyllyk tälimçilik karýerasynyň dowamynda köp üstünlik gazandy, ýöne köp tituly ýitirendigini hem belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir