Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan Pariždäki Oýunlarda ilkinji üç gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol 31-nji iýulda iki altyn medal gazandy. Türgen birinji medalyny ilki 200 metre batterflýaý usulda ýüzmekde, ikinji medalyny bolsa bir sagatdan soň 200 metre brass usulynda ýüzmekde aldy. Şol bir wagtyň özünde, Marşan iki ýüzüşde-de 1.51,21 (200 m batterflýaý) we 2.05,85 (200 m brass) wagty görkezip, Olimpiýa rekordlaryny goýdy. Bir Olimpiadada iki distansiýada ýeňiji bolmak öň hiç bir suwda ýüzüjä, hatda meşhur amerikaly Maýkl Felpse-de başartmandy. Mundan öň, 28-nji iýulda, Marşan 400 metre toplumlaýyn ýüzüşde altyn medal gazandy, ol bu ýaryşda hem Olimpiýa rekordyny goýdy (4.02,95). 22 ýaşly türgen Olimpiadada ýene bir ýaryşa – 200 metre toplumlaýyn ýüzüşe gatnaşmagy meýilleşdirýär. Deslapky ýüzüşler 1-nji awgustda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir