Hytaýly suwda ýüzüji Pan Çžanle Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 100 metre erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy. 19 ýaşly türgen 46,40 sekunt netijäni görkezip, özüniň 2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Dohada geçirilen dünýä çempionatynda goýan dünýä rekordyny (46,80) täzeledi. Kümüş medaly awstraliýaly Kaýl Çalmers aldy. Ol 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) bu ýaryşda ýeňiji bolupdy. Çalmers 47,48 netijäni görkezdi. Bürünç medala 47,49 netije bilen rumyniýaly Dawid Popowiç mynasyp boldy. Hut Çžanleniň ýeňşi Hytaýa dokuzynjy altyn medaly getirdi we milli ýygyndyny medal sanawynda birinji orna çykardy. Çalmersiň medaly Awstraliýanyň milli ýygyndysy üçin 16-njy boldy. 19 ýaşly Popowiç Rumyniýanyň milli ýygyndysyndan Pariž-2024-üň ýeke-täk baýrak eýesidir, ol mundan öň 200 metre erkin usulda ýüzmekde çempion boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir