Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal jübüt görnüşde geçirilen ýaryşyň dörtden bir finalynda utulyp, Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady. 22 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň öňki birinji raketkasy watandaşy Karlos Alkaras bilen bilelikde çykyş edip, 1/4 finalda ABŞ-dan duet Rajiw Ram bilen Ostin Kraýçekden 2:6, 4:6 hasabynda utuldy. Bu ispaniýalynyň Olimpiýa oýunlarynda soňky çykyşy boldy. Mundan öň, ol ýekelikde birinji tapgyrda wengriýaly Marton Fuçowiçi utdy, ýöne ikinji tapgyrda serbiýaly Nowak Jokowiçden 6:1, 6:4 hasabynda utuldy. Nadal Olimpiýa karýerasynda iki altyn medal gazandy: Olimpiada-2008-de ýekelikde we Olimpiada-2016-da Mark Lopes bilen bilelikde.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir