Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi isleg bildirýänleri “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar. Okuwa orta bilimli, şeýle-de esasy okuwynyň daşyndan hünär öwrenmeklige isleg bildirýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary (8-nji synpdan ýokary okuwçylary) hem kabul edilýär. Okuwyň möhleti - 4 aý. Okuw tölegi - aýyna 300 manat. Okuw otaglarynda tikin tikmek üçin ähli şertler döredilen, mekdebiň tikin ussahanalarynda, amaly we tejribe sapaklary utgaşdyrylyp geçilýär. Okuwyny tamamlan diňleýjilere biçimçi-tikinçi hünäri we döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-49-20; 36-04-16; 36-18-74; 36-21-67. Salgysy: Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýäýew) köçesiniň 4-nji jaýy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir