Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmanen Parižde geçjek Olimpiýa oýunlarynda howpsuzlygy üpjün etjek Pariž polisiýasyna we žandarmlaryna berk görkezmeleri berdi. Şolaryň hatarynda - gulluk wagtynda olara sakgyç çeýnemek gadagan edildi diýip, Le Soir neşiri habar berdi. "Biziň ählimiz abraýly pursady başdan geçirýäris" -diýip, Darmanen hukuk goraýjy işgärleriň "Fransiýanyň ýüzüdigini" we olaryň "berkligi, howpsuzlygy üpjün edip, myhmansöýerlik" görkezmelidigini aýtdy. Ministr polisiýa işgärlerini nobatçylyk çekýän wagtynda mylakatly bolmaga, ýylgyrmaga we jübi telefonlaryny ulanmazlyga çagyrdy. Şeýle hem, "gazetleriň sözbaşyna düşmek üçin diňe bir ýa-da iki adamyň özüni düzgüne laýyk däl alyp barmagynyň ýeterlikdigini" belläp geçdi. Olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygyny, takmynan, 35 000 polisiýa işgäri we žandarmlar, şeýle hem 18 000 esger üpjün eder. Oýunlaryň açylyşy güni hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň sany ýene 10 000 adam artar. Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.