ETH Zurich uniwersitetiniň şweýsariýaly alymlary ylgawçylara “artdyrylan tizlikde” türgenleşmäge mümkinçilik berýän howany serpikdiriji galkan bolan Airshield enjamyny döretdiler diýip, Hi-Tech Mail.ru ýazýar. Ulgam elektrik kartingine dakylýan we LiDAR datçiginiň kömegi bilen ylgawçynyň tizligine görä awtomatiki usulda sazlanýan, dury plastmassadan ýasalan ýapyk guta meňzeşdir. Airshield-iň kömegi bilen türgenler adaty ýagdaýdan has ýokary tizlige ýetip, howa garşylygyny ýeňip bilerler. Elbetde, “galkan” diňe türgenleşik üçin niýetlenendir, sebäbi ýaryşlarda şeýle enjamlary ulanmak gadagandyr. “Has açyklap aýdanymyzda, emeli usullaryň kömegi bilen türgenler bedeniniň çäklendirmelerini ýeňip geçýär, şonuň üçin ol täze agram salynmalarda nerw-myşsa yzygiderliligini özleşdirýär. Netijede, soňlugy bilen adamyň özi, kömekçi guralsyz şol netijä ýetip biler diýip, täze enjamyň maksadyny düşündirýän çeşme aýdýar. LiDAR datçiginden başga-da, ulgam türgenleşigi jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýän birnäçe wideo kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir