12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerine rektorlary bellemek hakynda resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesine bellenildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň öňki rektory J.Gurbangeldiýew bilim ministri wezipesine bellenildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Bu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işlän B.Mämmedow bellenildi.