adidas kompaniýasy motiwasiýa we töwerekdäkileriň basyşyna garşy göreşmäge bagyşlanan mahabat kampaniýasyny çykardy. Ýewro-2024-e bagyşlanyp çykarylan ruhlandyrýan wideoroligiň baş gahrymany Angliýanyň milli ýygyndysynyň we "Realyň" ýaş ýarymgoragçysy Jud Bellingem boldy diýip, Buro247 habar berýär. Rolikde futbolçy maksatlary we tejribesi bilen paýlaşýar. Wideonyň sazy üçin The Beatles toparynyň meşhur «Hey Jude» aýdymy saýlanyp alyndy. Wideoda şeýle hem geçmişde meşhur iňlis futbolçylary Dewid Bekhem we Frenk Lempard bar. Olar iri ýaryşlarda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýär. Wideoroligi surata düşürmeklige sazanda Stormzi, alyp baryjy Lora Wuds we futbolçy Ian Raýt gatnaşdy. adidas-yň täze mahabat wideosy türgenleriň täze neslini kynçylyklary ýeňip geçmäge we ýeňiş gazanmaga çagyrýar. Ýatlatsak, Ýewro-2024 ýaryşy 14-nji iýunda Germaniýada badalga alyp, 14-nji iýula çenli dowam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir