BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda sport çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi. 2024-nji ýylyň 31-nji maýynda London şäherinde Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe hem-de Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çärelerini geçirdi. Bu çärä Ilçihananyň işgärleri we Beýik Britaniýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Şol gün Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň howandarlygynda Buharest şäherinde hem meňzeş çäre geçirildi. Sport çäresi ýerli häkimligiň we «Ýaşyl rewolýusiýa» birleşiginiň goldawy bilen Patyşa Maýkl I seýilgähinde guraldy. Oňa Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar. Şeýle hem Pakistan Yslam Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Pakistanyň Daşary işler ministrligi we «Serena myhmanhanalary» kompaniýasy bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesini we degişli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga goşant goşýan ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen «Bütindünýä welosiped güni – 2024» atly dabarany gurady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir