Milandan (Italiýa) “Inter” futbol kluby Oaktree amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçdi. Klubuň eýesiniň çalyşmagy Hytaýyň Suning Group holding kompaniýasynyň üç ýyl mundan ozal Oaktree-den alnan 395 mln ýewro möçberde karzyny yzyna gaýtaryp bilmändigi sebäpli bolup geçdi diýip, Sky Sport Italy gaznanyň beýanyna salgylanyp habar berýär. “Biz täze hususyýetçiler topary hökmünde jemgyýetiň we “Interiň” taryhy mirasynyň öňündäki uly jogapkärçiligimize düşünýäris. Biz toparyň uzak möhletleýin üstünligine tarap ýykgyn edýäris we klub bilen bagly isleglerimiziň onuň Italiýadaky we bütin dünýädäki muşdaklarynyň islegleri bilen gabat gelýändigine ynanýarys. Başlangyç maksadymyz – klubuň operasion we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek. Biz “Interiň” ýolbaşçylygyna uly hormat goýýarys we olar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga bil baglaýarys” diýip, Oaktree-niň baş müdiri Alehandro Kano belledi. Şeýle-de, Kano yzygider ikinji çempion titulyny gazanmagyň “Inter” üçin şanly wakadygyny belläp, klubuň meýdançada we ondan daşary üstünlik gazanmagyny dowam etdirjekdigine umyt bildirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir