“Pari Sen-Žermen” Çempionlar ligasynda möwsümi nobatdaky gezek arzyly kubogy alyp bilmän tamamlady. Bu gezek olar ýarym finalda Dortmundyň “Borussiýasyndan” iki oýnuň jemi boýunça 0:2 hasap bilen utuldy. “Park de Prens” stadionynda geçen jogap duşuşygynda gol geçirmäge mümkinçiliginiň köp bolandygyna garamazdan, parižliler olardan ýerlikli peýdalanyp bilmediler, gaýtam ýaryşda birtopar antirekord goýdular diýip, Opta Sport ýazýar. Derwezäniň sütünine 14 urgy: “PSŽ” Çempionlar ligasynyň taryhynda bir möwsümde derwezäniň kese we dik sütünlerine 14 gezek urgy eden ilkinji topar boldy. Pleý-off oýnunda 4 urgy: “Borussiýa” bilen ýarym finaldaky jogap oýnunda parižliler garşydaşynyň derwezesiniň berkligini dört gezek barlap gördüler, bu hem Çempionlar ligasynyň pleý-off oýnunda antirekord boldy. Bir gapma-garşylykda derweze sütünine 6 urgy: “Borussiýa” bilen geçirilen iki ýarym final duşuşygynyň jemi boýunça Luis Enrikeniň topary 6 gezek dik we kese sütünlerine urup, Çempionlar ligasynda iki oýunlyk antirekord goýdy. Bu antirekordlardan başga-da, “PSŽ” Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda gol geçirmän uran urgularynyň sany boýunça hem "rekord" eýesi boldy: fransuz klubunyň oýunçylary “Borussiýanyň” derwezesine 30 urgy etdi, ýöne hiç birinde hem nyşana dogry çenäp bilmediler.