1986-njy ýylda Meksikada geçen Dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde Diego Maradona berlen "Altyn top" 6-njy iýunda Fransiýada auksionda satylar. Bu barada Aguttes auksion öýüniň Metbugat gullugy habar berýär diýip, Buenos Aires Herald ýazýar. Şol Dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň milli ýygyndysy ady rowaýata öwrülen futbolçysy bilen GFR-iň milli ýygyndysyny 3:3 utdy. Lotyň başlangyç bahasy mälim edilmeýär, ýöne bilermenleriň onuň birnäçe million ýewrodan başlajakdygyny çaklaýarlar. Diego Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir