Meksikaly boksçy Saul Alwares watandaşy Haýme Mungiýadan üstün çykyp, orta agramda absolýut dünýä çempiony titulyny gorap saklady. Las-Wegasda geçirilen 12 raundlyk söweşde Alwares emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy. Bu Alwaresiň 2021-nji ýylda gazanan absolýut dünýä çempiony titulyny dördünji gezek goramagydyr. 33 ýaşly Alwaresiň hasabynda 61 ýeňiş (39-ysy nokaut bilen), 2 ýeňliş we 2 deňme-deňlik bar. 27 ýaşly Mungiýa karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Onuň hasabynda 43 ýeňiş bar (34-üsi nokaut bilen). Şeýle-de, häzirki wagtda absolýut dünýä çempiony adyna ýaponiýaly Naoýa Inoue (55,2 kg çenli) we amerikaly Terens Krouford (66,68 kg çenli) eýedir.