“Mançester Siti” futbol klubunyň hüjümçisi Erling Holand Clash of Clans mobil oýnunyň gahrymany boldy. Hakyky adam bilen hyzmatdaşlyk taslamanyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi diýip, “Çempionat” habar berýär. Işläp düzüjiler norwegiýaly hüjümçiniň Clash of Clans oýnuny eýýäm ençeme wagtdan bäri oýnaýandygyny, şonuň üçin bilelikdäki taslama çalt razy bolandygyny belleýärler. Oýunda Holand möwsümleýin futbol temaly oýun çäresiniň çäklerinde warwarlaryň Şasy bolar. Bu çäre 1-nji maýdan elýeterli bolar – täzelenme futbol temasyna birnäçe režimleri we ýumuşlary goşar, goşmaça synaglar hökmünde bolsa geýmerler “Sitiniň” oýunçysynyň oýun içindäki obasynda söweşip bilerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir