Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda Mýunheniň "Bawariýasy" öz meýdançasynda Madridiň "Realyny" kabul etdi. "Alýanz Arenada" geçirilen duşuşyk 2:2 hasap bilen deňme-deňlikde tamamlandy. Duşuşygyň barşynda hasaby 24-nji minutda Winisius Žunior açdy. 53-nji minutda mýunhenlilerden Leroý Sane hasaby deňledi. 57-nji minutda bolsa Harri Keýn 11 metrlik jerime urgusyndan toparyny öňe çykardy. 83-nji minutda Žunior 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi. Belläp geçsek, Harri Keýn Çempionlar ligasynyň bir möwsüminde 11 sany gola getirýän hereketleri edip bilen (8 gol + 3 gol pasy) ilkinji iňlis oýunçysy boldy. Bu babatda ol Dewid Bekhemiň (1998/99) we Stiwen Jerrardyň (2007/08) rekordlaryny geçdi, hersi 10 hereket. "Bawariýanyň" hüjümçisi Tomas Mýuller hem rekord goýdy. Ol "Bawariýanyň" düzüminde Çempionlar ligasynda 150-nji oýnuny geçirip, Çempionlar ligasynyň taryhynda Hawiden ("Barselonada" 151 oýun) we Iker Kasilýesden ("Realda" 150 oýun) soň, bir klubuň düzüminde 150+ oýun geçiren üçünji oýunçy boldy. Klublaryň arasynda jogap duşuşygy 9-njy maýa geçilýän gije Madridde geçiriler. Şol duşuşygyň ýeňijisi finalda "Borussiýa" Dortmund - "PSŽ" jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Final duşuşygy 1-nji iýunda Londonda "Uembli" stadionynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir