Erkekleriň arasynda küşt boýunça dalaşgärleriň ýaryşynda 17 ýaşly hindi grossmeýsteri Dommaraju Gukeş ýeňiji boldy. Torontoda geçen ýaryşda gazanan ýeňşi ony taryhda şeýle üstünlik gazanan iň ýaş küştçi etdi. Bu at ozal 1984-nji ýylda 20 ýaşyndaka dalaşgärleriň ýaryşynda ýeňiji bolan Garri Kasparowa degişlidi. Bir ýyl soň ol küşt boýunça dünýä çempiony bolupdy. Gukeş 9 utuk toplap, ýarym utuk yzda galan görnükli garşydaşlaryny - Fabiano Karuany, Hikaru Nakamurany (ikisem ABŞ) we Ýan Nepomnýaşşini (Russiýa) ýeňdi. Şeýlelikde, Gukeş häzirki dünýä çempiony Din Ližen bilen küşt täji ugrunda göreşmek hukugyny gazandy. Aýal-gyzlaryň ýaryşynda 32 ýaşly hytaýly Tan Çžunýi ýeňiji boldy.Ol dokuz utuk toplap, watandaşy Leý Tinszeden, hindi wekilleri Hampi Konerden we Rameşbabu Waýşaliden öňe saýlandy (üçüsinde-de 7,5 bal). Indi Tan Çžunýi 2018-nji ýylda hut onuň özi bilen geçen ýaryşda ilkinji gezek ýeňiji bolan, dört gezek çempion Szýuý Wenszýuna bilen dünýä çempiony adyny almak ugrundaky ýaryşda ýüzbe-ýüz bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir