“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Hytaýyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şanhaýda geçirildi. Ikinji orny britaniýaly Lando Norris (“Maklaren”) eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres geldi. Hytaýyň Gran-prisi 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek geçirildi. Geçen dört möwsümde ol koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy. Umumy sanawda birinji orny üç gezek dünýä çempiony Werstappen eýeleýär. Ol 110 utuk gazandy. Ikinji orunda 85 utuk bilen Peres ýerleşýär. Üçlügi 76 utuk bilen “Ferrariden” Şarl Lekler jemleýär. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Red Bull” (195) eýeleýär, şeýle-de üçlüge “Ferrari” (151) we “Maklaren” (96) girýär. “Formula-1-iň” altynjy tapgyry 3 – 5-nji maýda Maýamide (Florida ştaty, ABŞ) geçiriler.