“Barselona” klubuna Çempionlar ligasynyň “Pari Sen-Žermen” bilen birinji dörtden bir final oýnunda janköýerleriň özlerini alyp baryşlary üçin jemi 32 müň ýewro möçberde jerime salyndy. Bu barada UEFA-nyň saýtynda habar berilýär. Oýun 10-njy aprelde Parižde geçip, Kataloniýa klubunyň 3:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. “Barselona” janköýerleriň jynsparaz hereketleri üçin 25 müň ýewro, pirotehnika üçin 2 müň ýewro we PSŽ-niň stadionyna ýeten zeper üçin 5 müň ýewro tölär. Şeýle-de, ispan klubuna ýewrokuboklarda bir myhmançylykdaky oýun üçin janköýerlere petek satmak gadagan edildi, ýöne bu sanksiýa bir ýyl synag möhleti bilen togtadyldy. 16-njy aprelde geçirilen jogap oýnunda “Barselona” parižlilerden 1:4 hasabynda utuldy we ýaryşdan çykyp, geljek ýylda geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatyna saýlanmak mümkinçiligini-de ýitirdi.