Ýaponiýaly Kenta Adaçi 24 sagadyň dowamynda 8 940 gezek turnikde çekip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasyna salgylanýan RG.ru-nyň ýazmagyna görä, bu öňki rekord eýesi awstraliýaly Geri Lloýdyň başaranyndan 300 esse köpdür. Kenta diňe bir günüň dowamynda iň köp gezek özüňi çekmek rekordyny täzelemek bilen çäklenmän, eýsem 2022-nji ýylda goýan 651 gezek gaýtalama - üznüksiz özüňi çekmegiň rekordynyň hem eýesidir. Ol 2007-nji ýylda Ýaponiýanyň kenarýaka goragçylarynyň sport synagyndan geçmäninden soň, turnikden çekmek bilen çynlakaý meşgullanyp başlady. Şondan bäri Kenta yhlas bilen türgenleşip geldi we bu täsirli üstünlik onuň eden yhlasynyň sylagy boldy. Rekord goýjak bolanda egninde agyry duýmak, ukusynyň tutmagy we aşgazan rahatsyzlygy ýaly kynçylyklara duçar boldy, ýöne aýalynyň we beýlekileriň goldawy bilen ol maksadyna ýetmegi başardy.