Lewerkuzeniň “Baýeri” taryhy ýazmagy dowam etdirýär. 18-nji aprelde öňki ispaniýaly futbolçy Habi Alonsonyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýnunda “West Hem” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we iki duşuşygyň jemi boýunça (3:1) ýeňiş gazandy. Bu netije “Baýeri” diňe bir ýarym finala çykarman, eýsem taryhy ähmiýetli boldy. Žeremi Frimpongyň 86-njy minutdaky goly netijesinde “Baýer” Ýewropanyň iň gowy 5 ligasyndaky (Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Angliýa) toparlaryň arasynda ýeňlişsiz oýunlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy – 44 oýun. Öňki rekord 2011/12-möwsüminden bäri “Ýuwentusa” degişlidi (43 oýun). Belläp geçsek, bu “Baýeriň” şu möwsümde ýeke-täk üstünligi däl. Topar taryhda ilkinji gezek Bundesliganyň çempiony boldy, şeýle-de Germaniýanyň Kubogynyň finalyna çykdy – bu ýerde “Kaýzerslautern” bilen duşuşar. Topar Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda bolsa “Roma” bilen oýnar.