Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň talyplary (HYY we ÖU) 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen matematika boýunça SEEMOUS 18-nji talyplar olimpiadasynda 5 medal gazandylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär. 9 ýurduň 27 uniwersitetinden ýüzden gowrak talybyň gatnaşmagynda geçen abraýly intellektual bäsleşikde Medine Ödäýewa altyn medala mynasyp boldy. Nurmyrat Ataýew we Myratgeldi Annamuhammedow kümüş medallaryň, Azymgeldi Şyhow we Döwletmyrat Esenow bürünç medallaryň eýeleri boldular. HYY we ÖU-nyň toparyny ýeňiş üçin tejribeli mugallymlar Pirmyrat Gurbanow we Myrat Çäşemow taýýarlady. Günorta-Gündogar Ýewropanyň Matematika jemgyýeti, Ýassynyň tehniki uniwersiteti “George Asaki” we Rumyniýanyň Matematika jemgyýeti tarapyndan guralan SEEMOUS olimpiadasy her ýyl zehinli talyplary olaryň geljekki ösüşini höweslendirmek we täze halkara gatnaşyklary döretmek maksady bilen ýygnaýar. Olimpiada bakalawr maksatnamasy boýunça okaýan birinji we ikinji ýyl talyplary gatnaşdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir