Türkmenistanly agyr atletikaçylar 2-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda Phuketde (Tailand) geçiriljek dünýä Kubogynda medallar we Olimpiýa ygtyýarnamalary üçin bäsleşerler. Ýaryşa 110 ýurtdan 459 türgen gatnaşýar. Olar on erkek we on zenan agram derejelerinde baýrak ugrunda bäsleşerler. Phuketdäki dünýä kubogy Parižde geçiriljek Olimpiada – 2024-e saýlanmagyň jemleýji tapgyrydyr. Bäş Olimpiýa kategoriýasynyň her birinde (erkekler we zenanlar) 12 türgen çykyş edip bilýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine dokuz agyr atletikaçy girdi: Zenanlar: Kristina Şermetowa (59 kg çenli), Anamjan Rustamowa (81 kg çenli). Erkekler: Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli), Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow (ikisi-de 73 kg çenli), Maksat Meredow (81 kg çenli), Gaýgysyz Töräýew, Şatlyk Şöhradow (ikisi-de 89 kg çenli), Döwranbek Hasanbaýew, Şahzadbek Matýakubow (102 kg çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-den ýokary). Iki aý mundan öň Daşkentde geçirilen Aziýanyň çempionatynda Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) silterläp götermekde bürünç medal, Gaýgysyz Töräýew bolsa (81 kg çenli) itekläp götermekde we iki görnüşli ýaryşda iki bürünç medal gazandy. Phuketde geçiriljek dünýä Kubogynda Gaýgysyz Töräýew özi üçin täze Olimpiýa kategoriýasynda – 89 kg çenli agram derejesinde ilkinji gezek çykyş eder.