“Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň ýaryşy Melburndaky “Alpert-Park” ýolunda geçirildi. Saýns topardaşy Şarl Leklerden öňe geçdi. Bu Saýnsyň karýerasynda ikinji ýeňşi we “Ferrariniň” 2022-nji ýyldan bäri ilkinji dublydyr. Liderleriň üçlügini “Maklarenden” Lando Norris jemledi. Häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen (“Red Bull”) tormoz diskiniň ýanmagy sebäpli dördünji aýlawda ýoldan çykdy. Şeýle-de, “Mersedesiň” sürüjileri Lýuis Hemilton bilen Jorj Rassel ýaryşy tamamlap bilmedi. Hemilton hereketlendirijiniň döwülmegi sebäpli ýaryşdan çykdy, Rassell bolsa ýaryşyň ahyrynda ulagyna zeper ýetirdi. “Formula-1-iň” indiki tapgyry 5 – 7-nji aprelde Ýaponiýada geçiriler.