Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we ýarym ýeňil hem ýeňil diwizionlarda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor söweşmek isleýän üç garşydaşynyň adyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär. “Bu, elbetde, Maýkl Çendler. Ol birinji bolup biler. Maýkldan başga-da, Dastiniň ýeňendigini görmek gowy boldy. Dogrymy aýtsam, men onuň Benuany nokauta gidirmegine garaşypdym we muny görendigime begendim. Gürrüňsiz, bu örän gowy boldy. Bu ýeňişden soň biziň nobatdaky söweşimiz hakykata has ýakynlaşdy. Ýene bir söweş biziň gapma-garşylygymyzda nokat goýar” diýip, Give me Sport portaly Makgregoryň sözlerini getirýär. Şeýle-de, Konor Makgregor Neýt Dias bilen söweşmegi göz öňünde tutýar we onuň “Sferada” (Las-Wegasdaky sport-dynç alyş meýdançasy) geçirilmegini isleýär. Makgregor Porýe garşy soňky söweşini 2021-nji ýylyň tomsunda geçirdi. Ol tehniki nokaut bilen ýeňildi, söweşiň netijesinde onuň aýagy döwüldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir