Indian-Uellsde geçirilen “Masters” tennis ýaryşynyň çärýek finalynda täsin bir waka boldy. RIA Nowostiniň berýän habaryna görä, Karlos Alkaras (Ispaniýa) bilen Aleksandr Zwerewiň (Germaniýa) arasyndaky oýun arylaryň hüjümi sebäpli togtadyldy. Ilkinji setde hasap 1:1 bolanda birden ýüzlerçe ary peýda bolup, eminleri oýny togtatmaga mejbur etdi. Tennisçiler howlukmaçlyk bilen meýdançadan çykdylar. Žurnalist Žoze Morganonyň berýän habaryna görä, arylaryň biri Alkarasyň maňlaýyndan çakypdyr. 1 sagat 48 minutlyk arakesmeden soň, oýun täzeden başlandy. Gülkünç ýagdaý Alkarasy ruhdan düşürmedi we ol 6:3, 6:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. “Geň zat, öň tennis meýdançasynda munuň ýaly ýagdaýa duş gelmedim. Tennis meýdançasyndan gaçyp çykanymyzdan soň, telewizorda arylaryň çozuşyna tomaşa edip, gülüşdik. Gyzykly boldy. Soňam ýadyma tennis däl-de, şol waka düşüp dursa gerek" - diýip, Alkaras özünde galan täsirleri paýlaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir