1-nji martda Türkiýede ýokary bilim almak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalaryny kabul edilip (TR-YÖS) başlandy. Okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalary 18-nji marta çenli kabul ediler. Giriş synaglary bolsa (TR YÖS/1) 18-nji maýda geçiriler. Bu okuw maksatnamasy Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlar üçin ýörite taýýarlanan taslamadyr. Okuwlara orta ýa-da ýörite orta bilimi bolan ýaşlar ýüz tutup bilýärler. Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi daşary ýurtly raýatlaryny okuw kabul etmegiň maksatnamasyna laýyklykda olary okuwa kabul etjek bolanlarynda ýokary okuw mekdeplerine "TR-YÖS" synaglarynyň netijelerinden ugur almagy okuwa kabul edilmegiň bir şerti hökmünde ulanmagy teklip edýär. "TR-YÖS" synaglary iki bölümden: esasy matematika (Basic Mathematics Test); birnäçe başarnyklar boýunça (Aptitude test) testleri öz içine alýar. Bu synaglaryň netijeleriniň her haýsy aýratynlykda bahalandyrylýar. Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmek üçin her bir hünär üçin kesgitlenen geçiş utuklarynyň toplanmagy möhümdir.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir