Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunior yzygider ikinji gezek Günorta Amerikanyň iň gowy oýunçysy hökmünde EFE baýragyny aldy. Ol geçen möwsümde 23 gol geçirdi we öz klubuna Ispaniýanyň Kubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Bu barada championat.com habar berýär. “Bu baýrak meniň üçin örän möhüm, sebäbi men iň gowy netijeleri görkezmek we toparyma kömek etmek üçin her gün işleýärin. Klub maňa şahsy baýraklary eýelemäge kömek edýär we men hem öz topardaşlaryma minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Men has köp baýraga eýe bolmak üçin şeýle ruhda zähmet çekmegimi dowam etdirerin” – diýip, Winisius baýragyň gowşurylyş dabarasynda aýtdy. Şeýle-de, ol futbol legendalarynyň sanawyna goşulmagyň uly hormatdygyny belläp, ýeňiş gazanmagy dowam etdirmek we adynyň klubuň taryhyna ýazylmagy üçin yhlasly işlejekdigini aýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir