“Mançester Sitiniň” norwegiýaly futbolçysy Erling Holand umumy topara ýanwar aýynyň ahyrynda gaýdyp gelmeli. Bu barada klubuň baş tälimçisi Hosep Gwardiola aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär. Holand dekabr aýynyň başyndan bäri meýdança çykmady. Şenbe güni “Mançester Siti” Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda “Nýukasl Ýunaýted” kluby bilen geçiren duşuşygy (2:3, Sitiniň peýdasyna) “Siti” üçin norwegiýaly hüjümçi bolmazdan geçiren bäşinji oýny boldy. “Onuň ýagdaýlary gowy, ýöne bir kiçiräk mesele bar, ony aýagy biynjalyk edýär. Lukmanlar bejeriş işlerini bir hepdelik bes etmek we ony, ähtimal, Abu-Dabide dowam etdirmek kararyna geldiler. Şu aýyň ahyryna çenli ol taýýar bolar diýip umyt edýärin. Onuň süňkündäki jaýryk biziň pikir edişimizden birneme uly eken. Onuň bitişmegi üçin wagt gerek. Ol şu aýyň ahyrynda dolanmaga taýýar bolar” – diýip, “Mançester Sitiniň” resmi saýty Gwardiolanyň sözlerini getirýär. Şu möwsümde Holand “Mançester Siti” üçin 22 oýna gatnaşyp, 19 gol geçirdi we bäş netijeli geçirim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir