“Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew Türkmenistanda geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy, “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa, milli çempionatyň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi. Bu karar, ses berişligiň netijelerine esaslanyp, ýurduň futbol boýunça ýokary ligasynyň wekilleri we sport žurnalistleri tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan “fair-play” baýragy iň arassa, düzgün-tertipli oýunlary görkezen “Altyn Asyr” futbol toparyna gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti habar berýär. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-siniň sanawy şular diýlip kesgitlendi: Birinji düzümde Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de «Arkadag»), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Ahal») – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew («Arkadag»), Wahyt Orazsähedow («Altyn asyr») – hüjümçiler. Ikinji düzümde Rahat Japarow ( «Ahal») – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de «Arkadag»), Ata Geldiýew («Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr») – goragçylar; Şanazar Tirkişow («Arkadag»), Magtymberdi Berenow («Nebitçi»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Ahmet Ataýew («Altyn asyr») – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat») – hüjümçiler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir