Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşyň esasy wagty 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan ýarymfinal duşuşygynda «Real» goşmaça minutlarda geçiren gollary bilen «Atletikony» 5:3 hasaby bilen ýeňip, adyny finala ýazdyrmagy başardy. 8 golly duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 20-nji minutda Rüdiger, 29-njy minutda Mendi, 85-nji minutda Karwahal, 116-njy minutda Hoselu we 120+2-nji minutda Dias geçirdi. Ýeňlen toparda bolsa 7-nji minutda Ermoso we 37-nji minutda Grizmann tapawutlandy. «Atletikonyň» üçünji goluny 78-nji minutda «Realyň» derwezeçisi Kepa öz derwezesinden geçirdi. Duşuşykda Grizmann «Atletikonyň» düzümindäki 174-nji goluny geçirip, toparyň rekordyny täzeledi. Ozalky rekord 173 gezek tapawutlanan Luis Aragonese degişlidi. Ikinji finalçy 11-nji ýanwarda geçiriljek «Barselona» ― «Osasuna» duşuşygyndan soň belli bolar. Final duşuşygy 14-nji ýanwarda Er-Riýad şäherinde geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir