Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy, başgaça aýdylanda, Türkmenistanyň çempiony şu ýyl dört aýlawdan ybarat bolar. Bu barada TFF-niň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. 2023-nji ýylda çempionat üç aýlawdan ybarat bolupdy. Şol aýlawlaryň netijesinde Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» topary çempionlygyny yglan edipdi. Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň ikinji orny eýelän ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmak «Gümrükçä» başardypdy. Ýurduň Naýbaşy futzal ligasynda çempion bolan toparyň soňky möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilýändigini ýatladýarys.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir