Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) 2023-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini hödürledi. Report agentliginiň federasiýa salgylanyp habar bermegine görä, reýtingde birinji orny Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň derwezebany Ederson eýeledi. Hasabynda 145 utuk bolan braziliýaly futbolçy ikinji we üçünji orunlary eýelän argentinaly Emiliano Martinesden we belgiýaly Tibo Kurtuadan öňe geçdi. IFFHS-niň garaýşy boýunça iň gowy derwezebanlar: Ederson (Braziliýa, “Mançester Siti”) – 145 utuk; Emiliano Martines (Argentina, “Aston Willa”) – 76 utuk; Tibo Kurtua (Belgiýa, “Real”) – 73; Mark-Andre ter Stegen (Germaniýa, “Barselona”) – 58; Ýan Oblak (Sloweniýa, “Atletiko”) – 36; Janluiji Donnarumma (Italiýa, “PSŽ”) – 23; Ýassin Bunu (Marokko, “Sewilýa”/ “Al-Hilýal”) – 22; Alisson (Braziliýa, “Liwerpul”) – 19; Andre Onana (Kamerun, “Inter”/ “Mançester Ýunaýted”) – 16; Maýk Menýan (Fransiýa, “Milan”) – 13.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir