2023-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan zenan türgen ýekelikde dünýäniň birinji raketkasy, polşaly tennisçi Iga Swýontek boldy. Reýting “Forbes” žurnaly tarapyndan düzüldi diýip, MIR 24 habar berýär. Türgeniň girdejisi salgytlardan we agent töleglerinden öň 23,9 million dollar boldy. Olardan 9,9 million dollary ýaryşlardaky baýrakly orunlary üçin aldy. Ýene 14 milliony Swýontek hemaýatkärlik şertnamalary arkaly gazandy. Ikinji orny 22,1 million dollar gazanan hytaýly fristaýlçy Eýlin Gu eýeledi. Türgeniň baýragy umumy mukdardan 100 müň dollara barabar, galan girdeji mahabat şertnamalarynyň paýyna düşýär. Liderleriň üçlügini 21,7 million dollar bilen amerikaly tennisçi Kori Gauff jemledi. Şolardan 6,7 million dollary baýrak hökmünde aldy, 15 million dollar hemaýatkärlik şertnamalaryndan geldi. Iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriň onlugyna birbada dokuz tennisçi, şol sanda Emma Radukany (Beýik Britaniýa), Naomi Osaka (Ýaponiýa), Arina Sobolenko (Belarus), Jessika Pegula (ABŞ), Winus Uilýams (ABŞ), Ýelena Rybakina (Gazagystan), Leýla Fernandes (Kanada) girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir