Albertanyň ýaşaýjysy Robert Mýurreý welosipedde iň uzak aralygy geçmek boýunça Ginnesiň täze rekordyny goýdy. Ol elleri bilen ruly saklamazdan 5 sagat 37 minutda 80,95 mil (130,3 kilometr) ýol geçdi. Mýurreý rekord synanyşygynda aýaklary ýadanda olary elleri bilen massaž edendigini aýtdy. Şeýle hem ol bu şekilde welosiped sürmegiň özi üçin has amatlydygyny, torbasyndan zatlary ýeňillik bilen alyp bilýändigini we arkasynyň ýadamaýandygyny, çünki egri ýagdaýda oturmaýandygyny aýtdy. Rekordy goýmak bilen Mýurreý Kalgaridäki Alsgeýmere garşy göreş jemgyýetine ünsi çekmäge synanyşdy. Onuň garyndaşlarynyň köpüsi bu keselden ejir çekýär we şeýlelik bilen, welosiped sürüjisi beýleki näsaglara kömek etmek isledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir