«Nýukasl Ýunaýted» Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Nik Poupyň şikes almagy sebäpli «Mançester Ýunaýtediň» öňki derwezebany Dawid de Hea bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar. 2-nji dekabrda şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde «Mançester Ýunaýtede» garşy duşuşygyň dowamynda Poup egninden şikes aldy. Habar beriş serişdeleriniň bellemeklerine görä, 31 ýaşly derwezeban şikes almagy sebäpli bäş aýa çenli meýdança çykyp bilmez, ol diňe bir möwsümiň galan bölegine däl, eýsem, Ýewro 2024-iň soňky tapgyryna hem gatnaşyp bilmez. Bellenilmegine görä, Poupyň şikesi «Nýukaslyň» ýolbaşçylaryny gyssagly täze derwezeban gözlemäge mejbur edýär. Şeýlelikde, toparyň ýolbaşçylary tomusda «Mançester Ýunaýtedden» giden we häzirki wagtda erkin agent derejesini saklaýan de Heany iň amatly çözgüt hökmünde görýärler. Ispaniýaly futbolçy «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde 12 ýyl çykyş etdi.