Lissabonyň “Benfikasynyň” ýarym goragçysy Anhel Di Mariýa indiki ýyl Amerikanyň Kubogyndan soň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Muny sport.rambler.ru ýetirýär. «Men Amerikanyň kubogynda iň soňky gezek milli ýygyndynyň köýnekçesini geýerin, kalbymda uly agyry bilen karýeramda bolup geçen iň ajaýyp zat bilen hoşlaşýaryn. Ähliňize minnetdar, biz taryhy ýazmagy dowam edýäris. Futbol boýunça Amerikanyň kubogy 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda ABŞ-da geçiriler. Ýatlap geçsek, 35 ýaşly Anhel Di Mariýa 2008-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Argentinanyň milli topary üçin çykyş edýär. Onuň düzüminde oýunçy 136 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 36 goly ýazmagy başardy. Mundan başga-da, Di Mariýa milli ýygyndy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempionatynda we 2021-nji ýylda Amerikanyň Kubogynda ýeňiş gazandy.