2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Toparyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 2022-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda Hindistanyň Puna şäherinde geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy kümüş we bürünç medal gazandy. Hindistanda geçirilen dünýä birinjiligine 60-a golaý döwletden 300 türgen gatnaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir