Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) aşa agyr agramdaky dünýä çempiony iňlis pälwany Taýson Fýuri bilen UFC-niň agyr agramdaky öňki çempiony kamerunly türgen Frensis Ngannunyň arasyndaky söweş 28-nji oktýabrda Saud Arabystanynda geçiriler. AFP bu barada sişenbe güni Fýuriniň toparyna salgylanyp habar berdi. Fýuriniň topary söweşiň professional boksuň düzgünlerine laýyklykda geçiriljekdigini we görkezme häsiýetli bolmajakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde WBC-niň guşagy ugrunda söweşilmez. Ondan öň ESPN-niň žurnalisti Maýk Koppinger söweşiň geçiriljek senesi we ýeri barada habar beripdi. Fýuri 34 ýaşynda, 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ukrainaly türgen Wladimir Kliçkony ýeňdi we Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) titulyna eýe boldy. Şondan soň britaniýaly türgen saglyk we neşe meseleleri sebäpli 2,5 ýylyny sypdyrdy. 2020-nji ýylda ol amerikaly pälwan Deonteý Uaýlder bilen geçirilen tutluşykda WBC-niň titulyna eýe boldy we ony üç gezek gorady. Fýuri professional ýaryşda ýeňilmegiň nämedigini bilmeýär - 33 ýeňiş (24 nokautly) we 1 deňme-deňlik. 36 ýaşly Ngannu garyşyk söweş sungatynda 17 ýeňiş we 3 ýeňliş gazandy hem-de 2021-nji ýylda UFC-niň agyr agram derejesindäki titulyny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir