Aşgabatda pälwan Dawid Melkumow agramy 47,84 tonna«Sifan» lokomotiw-wagon gurluşyk kompaniýasynyň wagonyny 24 sekuntda ýerinden 8 metr süýşürmegi başaryp, täze rekord goýdy. Melkumow bu agyrlygy elleri bilen süýşürdi, diýip, Turkmenportal habar berýär. Rekord 9-njy iýulda «Demirýollary» AGPJ-niň Aşgabatdaky şahamçalarynyň biriniň çäginde hasaba alyndy. Belläp geçsek, türgeniň öz agramy 100 kg-dan hem azdyr. Türgen aýaklaryny ýörite direge diräp, ýüpi çekmek arkaly «arm-over-arm» usulyny ulandy. «Ýüp elleriň gyýyp gelýär. Ýeňil bolmady, emma başarandygyma diýseň begenýärin. Oglanlar birbada iki wagon çekmegimi soradylar, ýöne men töwekgelçilik etmedim. Indiki gezek şol bir ýerden iki wagony çekmek üçin türgenleşerin» – diýip, Dawid belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir