Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde 22-23-nji awgustda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we göreş sambosy boýunça Dünýä kubogy geçiriler. Bu barada Halkara sambo federasiýasy (FIAS) habar berdi diýip, Trend belleýär. Ýaryşlara FIAS-yň agzalary bolan Milli sambo federasiýalaryna wekilçilik edýän ýaşy 2005-nji ýyldan kiçi bolmadyk türgenler gatnaşyp biler. Ýaryşlara gatnaşmak üçin Milli sambo federasiýalary düzgünlere laýyklykda 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan gijä galman arzalary tabşyrmaly. Ýaryşlara toparlary hasaba almak FIAS-yň onlaýn ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir