Ispaniýaly hünärmen Luis Enrike «PSŽ-niň» baş tälimçisi hökmünde wezipesine girişdi. ESPN neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda Enrike indiki möwsüm üçin klubuň düzümini düzmek meseleleri bilen meşgullanýar. Ýatlatsak, Enrike 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri işsiz otyrdy. Şonda ol Ispaniýanyň milli ýygyndysyny terk etdi. Belläp geçsek, Ispaniýanyň Enrikeniň ýolbaşçylygynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyrynda Marokkodan ýeňlip gaýtdy. Enrike «Barselona» tälimçilik eden döwründe dokuz sany baýrak aldy. Ýatlatsak, Kristof Galtýee geçen möwsümiň ahyrynda «PSŽ-den» aýryldy. Galtýeniň ýolbaşçylygynda klub Fransiýanyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir