Germaniýanyň “Leýpsig” toparynyň horwatiýaly futbolçysy Ýoşko Gwardiol Angliýanyň “Mançester Sitisine” geçen ýagdaýynda dünýädäki iň gymmat goragçy bolup biler. Bu barada Sky Sports-a salgylanyp, rsport.ria.ru belleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Mançester Siti” Gwardiol üçin 90 mln ýewro we bonuslar hödürleýär. Öň, 21 ýaşly oýunçynyň angliýaly klub bilen şertnama barada eýýäm dilden ylalaşandygy habar berildi. Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat goragçysy Angliýanyň “Lester” klubundan “Mançester Ýunaýtede” 87 mln ýewro geçen Garri Maguaýrdyr. Gwardiol “Leýpsige” 2021-nji ýylda Zagrebiň “Dinamosyndan” geçdi. Geçen möwsüm ol topar üçin 41 oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi. Ol iki gezek Horwatiýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň we Super kubogynyň eýesi, şeýle-de iki gezek Germaniýanyň Kubogynyň ýeňijisidir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir