Ilkaý Gündogan erkin agent görnüşinde «Barselona» geçdi. Katalon klubunyň Metbugat gullugy ýarym goragçy bilen ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi. Gündoganyň «Mançester Siti» bilen şertnamasy 30-njy iýunda tamamlanýardy. Gündoganyň «Barselona» bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenýär we bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bar. Ilkaýyň täze klubda öwez tölegi — 400 mln ýewro bolar. Gündogan «Mançester Sitide» 2016-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Klubuň düzüminde ol 5 gezek Angliýanyň çempiony boldy, dört gezek Liga kubogyny, iki gezekden Kubogy we Angliýanyň Superkubogyny aldy, şeýle hem Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir