Germaniýada geçiriljek 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň tumary hökmünde aýy saýlandy. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Ýewro-2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýanyň on şäherinde geçiriler. "Tumar, aýdyşlary ýaly, XX asyryň başlarynda Germaniýada peýda bolan çagalaryň meşhur ýumşak oýunjagyna hormat goýýar" - diýlip, beýanda aýdylýar. Iki hepdäniň dowamynda UEFA-nyň saýtynda tumaryň ady üçin ses bermek bolar. Jemi dört görnüş hödürlenýär: Albert, Bernardo, Bernhardt, Hersi fon Ber.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir